Ï TÜRKMENISTANYŇ K A N U N Y <br>Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ K A N U N Y <br>Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda

view-icon 12979
(rejelenen görnüşi)

Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, bitaraplyk hukuk derejesine we Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna laýyklykda Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmagyň tertibini we düzgünlerini, şeýle hem hukuk taýdan goragyny kesgitleýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda.
Şu Kanunyň hereket ediş çygry

1949-njy ýylyň 12-nji awgustyndaky Ženewa konwensiýalaryna, olara degişli 1977-nji ýylyň 8-nji iýunyndaky Goşmaça teswirnamalara laýyklykda, Kanunyň hereketi şu aşakdakylara degişlidir:

Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryna;

«Gyzyl Ýarymaý» we «Gyzyl Haç» atlaryna;

saglygy goraýyş düzümlerini we sanitariýa-ulag serişdelerini tanamak üçin hyzmat edýän tapawutlandyryş duýduryjylaryna.

2-nji madda. Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlary

Gyzyl Ýarymaýyň nyşany, munuň özi ýerligi ak meýdanyň ýüzüne daş keşbi we ugrukdyrylyşy erkin görnüşli, onuň gyrasyna ýetirilmän şekillendirilen Gyzyl Ýarymaýdan ybaratdyr.

Gyzyl Hajyň nyşany, munuň özi ýerligi ak meýdanyň ýüzüne iki sany deň gönüburçlukdan ybarat, ortada gönüburç astynda kesişýän we onuň gyrasyna ýetirilmän şekillendirilen Gyzyl Haçdan ybaratdyr.

3-nji madda. «Gyzyl Ýarymaý» we «Gyzyl Haç» atlary

«Gyzyl Ýarymaý» we «Gyzyl Haç» atlary diňe Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketine girýän guramalaryň atlarynda şu hereketiň ýörelgelerine laýyklykda olar tarapyndan işler amala aşyrylanda ulanylýar.

4-nji madda. Tapawutlandyryş duýduryjylary

Saglygy goraýyş düzümlerini we sanitariýa-ulag serişdelerini tanatmak üçin hyzmat edýän ýagtylyk duýduryjylary, radio duýduryjylary, elektron tanadyş duýduryjylary tapawutlandyryş duýduryjylary hasaplanylýar. Tapawutlandyryş duýduryjylaryny peýdalanmagyň tertibi we düzgünleri Türkmenistanyň kanunçylygy hem-de halkara hukuk namalary tarapyndan kesgitlenilýär.

5-nji madda. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hem-de Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň ýörelgeleri esasynda öz işini ýurduň bütin çäginde amala aşyrýan Türkmenistandaky ýeke-täk, özbaşdak jemgyýetçilik guramasy hasaplanýar.

6-njy madda. Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we «Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan, şu Kanundan, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlarynyň peýdalanylmagyny we goralmagyny düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Eger, Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

II BAP. GYZYL ÝARYMAÝYŇ WE GYZYL HAJYŇ NYŞANLARYNYŇ PEÝDALANYLMAGYNYŇ TERTIBI WEDÜZGÜNLERI

7-nji madda.
Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlarynyň peýdalanylmagy

Şu Kanuna we halkara hukuk namalaryna laýyklykda Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlary gorag we (ýa-da) tapawutlandyryş belgisi hökmünde peýdalanylyp bilner.

8-nji madda. Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlarynyň gorag ýa-da tapawutlandyryş belgisi hökmünde peýdalanylmagyna bildirilýän talaplar

Ýaragly çaknyşyklar ýüze çykan halatynda Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň gorag hökmünde peýdalanylýan nyşanlary 1949-njy ýylyň 12-nji awgustyndaky Ženewa konwensiýalary we olara degişli Goşmaça teswirnamalar tarapyndan saglygy goraýyş işgärlerine, şeýle hem saglygy goraýyş düzümlerine we sanitariýa-ulag serişdelerine berilýän daşdan görüp bolýan gorag belgileri bolup durýar.

Gorag belgisi hökmünde peýdalanylýan Gyzyl Ýarymaýyň ýa-da Gyzyl Hajyň nyşanlarynyň möçberleri olary aňrybaş uzak aralykdan tanamagy üpjün etmelidir.

Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlary adamlaryň, sanitariýa-ulag serişdeleriniň, emlägiň, desgalaryň we beýleki zatlaryň Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň edaralaryna degişlidigini aňlatmak üçin tapawutlandyryş belgisi hökmünde ulanylýar.

Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň tapawutlandyryş belgisi hökmünde peýdalanylýan nyşanlary gorag belgisi hökmünde peýdalanylýan nyşandan göwrümi boýunça kiçeldilen bolmalydyr.

9-njy madda. Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy tarapyndan Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň peýdalanylmagy

Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasyählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda Türkmenistanyň çäklerinde Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlaryny gorag we (ýa-da) tapawutlandyryş belgisi hökmünde peýdalanýarlar.

10-njy madda. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň peýdalanylmagy

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Gyzyl Ýarymaýyň nyşanyny gorag ýa-da tapawutlandyryş belgileri hökmünde peýdalanýar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda öz saglygy goraýyş işgärlerini, şeýle hem öz saglygy goraýyş düzümlerini we sanitariýa-ulag serişdelerini Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna berýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna berlen we Türkmenistanyň kanunçylygyna we Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň ýörelgelerine laýyklykda hereket edýän saglygy goraýyş işgärleri, saglygy goraýyş düzümleri we sanitariýa-ulag serişdeleri Gyzyl Ýarymaýyň nyşanyny şu Kanunyň 12-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde gorag belgisi hökmünde peýdalanýar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň öz işiniň ähli görnüşlerini Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň ýörelgelerine laýyklykda amala aşyranda Gyzyl Ýarymaýyň nyşanyny tapawutlandyryş belgisi hökmünde peýdalanmaga hukugy bardyr.

11-nji madda. Daşary ýurtlaryň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleri tarapyndan Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň peýdalanylmagy

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň resmi taýdan rugsat bermegi bilen, daşary ýurtlaryň Gyzyl Haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleri Türkmenistanyň çäginde öz işlerini amala aşyranda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň tapawutlandyryş nyşanyny peýdalanyp bilerler.

12-nji madda. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň saglygy goraýyş düzümleri tarapyndan Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň peýdalanylmagy

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň saglygy goraýyş düzümleri Gyzyl Ýarymaýyň nyşanyny öz saglygy goraýyş işgärlerini, sanitariýa-ulag serişdelerini, saglygy goraýyş emlägini, jaýlaryny, desgalaryny we saglygy goraýyş maksatly beýleki zatlaryny alamatlandyrmak üçin gorag belgisi hökmünde peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň saglygy goraýyş düzümleriniň işgärlerini gol daňylary we Gyzyl Ýarymaýyň nyşany şekillendirilen bellenilen nusgadaky şahadatnama bilen üpjün edýär.

13-nji madda. Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan Gyzyl Ýarymaýyň nyşanynyň peýdalanylmagy

Raýat saglygy goraýyş işgärleri, saglygy goraýyş edaralary, sanitariýa-ulag serişdeleri we saglygy goraýyş emlägi ýaragly çaknyşyk wagtynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň rugsat bermegi we gözegçilik etmegi bilen gorag belgisi hökmünde peýdalanylýan Gyzyl Ýarymaý nyşany bilen alamatlandyrylýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi raýat saglygy goraýyş işgärlerini gol daňylary we Gyzyl Ýarymaýyň nyşany şekillendirilen bellenilen nusgadaky şahadatnama bilen üpjün edýär.

III BAP. GYZYL ÝARYMAÝYŇ WE GYZYL HAJYŇ NYŞANLARYNYPEÝDALANMAGYŇ TERTIBINIŇ WE DÜZGÜNLERINIŇ BERJAÝ EDILIŞINE GÖZEGÇILIK.

ŞU KANUNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

14-nji madda.
Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlarynyň peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýan edaralar

Döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň ygtyýarly edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmagyň tertibini we kadalaryny düzgünleşdirýän şu Kanunyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün edýärler.

Döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralary Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlarynyň bikanun peýdalanylyşynyň öňüni almaga gönükdirilen zerur çäreleri görýärler.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlarynyň bikanun peýdalanylmagynyň öňüni almak we ony aradan aýyrmak meselelerinde döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralaryna ýardam edýärler. Şolaryň bikanun ulanylan halatlary barada ygtyýarly döwlet edarasyna habar bermäge jemgyýetiň hukugy bardyr.

15-nji madda. Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmakda çäklendirmeler

Özünde Gyzyl Ýarymaýyň ýa-da Gyzyl Hajyň nyşany ýa-da dürli meňzetme nyşany bolan, şeýle hem şu Kanun bozulyp ulanylýan «Gyzyl Ýarymaý» ýa-da «Gyzyl Haç» ady bolan ýuridik şahslary, olaryň atlaryny we harytlyk belgilerini, senagat şekillerini we nusgalaryny bellige almak gadagan edilýär.

16-njy madda. Gyzyl Ýarymaýyň ýa-da Gyzyl Hajyň nyşanlarynyň bikanun ulanylandygy üçin jogapkärçilik

Gyzyl Ýarymaýyň ýa-da Gyzyl Hajyň nyşanyny, «Gyzyl Ýarymaý» ýa-da «Gyzyl Haç» adyny, tapawutlandyryş duýduryjylaryny ýa-da islendik başga belgini şolara meňzedilen ýa-da şolar ýaly diýlip, ýalňyşlyk bilen kabul edilmegi mümkin bolan nyşanlary ýa-da duýduryjylary bilkastlaýyn we oňa hukugy bolmadyk adam tarapyndan peýdalanylsa, onda ol Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

17-nji madda.
Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow


Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 18-nji awgusty.
№ 268-V.